Turkmenportal logo
Düýn 14:36
1045610456
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň biržasynda umumy bahasy 3 million dollardan gowrak 6 geleşik baglaşyldy

18-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda jemi 921 800,00 manada we 3 154 050,00 amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.

Daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy, Serbiýa döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny, Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.