Turkmenportal logo
19.02.26
1066310663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen U18 hokkeýçileri Saraýewoda ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň bürünç medaly ugrunda oýnarlar

Türkmenistanyň 18 ýaşdan kiçi bolan hokkeýçiler ýygyndysy Saraýewoda geçirilýän ýetginjekleriň arasyndaky 27-nji dünýä çempionatynyň «B» toparçasynyň üçünji diwizionynda üçünji orun üçin duşuşyk geçirer. Bäsdeş hökmünde olaryň garşydaşy Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bolar. Duşuşyk 19-njy fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.

Ýarym finalda Türkmenistanyň ýygyndysy Taýlandyň toparyndan 0:14 hasap bilen ýeňildi. Bosniýa bolsa öz ýarym finalynda Islandiýanyň toparyndan 2:8 hasap bilen utuldy.

Final duşuşygy hem 19-njy fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 23:30-da geçiriler. Onda Taýlandyň we Islandiýanyň ýygyndylary duşuşar. Finalyň ýeňijisi «A» toparçasynyň üçünji diwizionyna çykmak hukugyny gazanar.

U18 ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň «B» toparçasynyň üçünji diwiziony Halkara buzdaky hokkeý federasiýasynyň (IIHF) guramagynda geçirilýär we bu ýaş toparlary üçin güýç derejesi boýunça ýedinji derejedäki ýaryş hasaplanýar. Bäsleşikde dünýä reýtinginde iň pes orunda ýerleşýän alty ýygyndy çykyş edýär.