Turkmenportal logo
19.02.26
1810418104
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Galkan Töleg» ykjam hyzmaty awtoulag eýeleriniň arasynda meşhurlyk gazanýar

Türkmenistanda Içeri işler ministrligi tarapyndan işe girizilen «Galkan Töleg» ykjam goşundysy üstünlikli işläp, döwlet hyzmatlarynyň sanly ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Goşundy Google Play we App Store arkaly ýükläp almak üçin elýeterli bolup, giň ulanyjy topary üçin amatlydyr.

Goşundy işe girizilen gününden bäri ýol hereketiniň düzgünlerini bozmaga degişli jerimeleri onlaýn tölemekde häzirki zaman, çalt we ygtybarly gural hökmünde özüni görkezdi. Telefon belgisi arkaly SMS-kod bilen hasaba alynmak aňsat, interfeýsi düşnükli we töleg prosedurasy birnäçe minutda ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda ulanyjylara aşakdaky mümkinçilikler hödürlenýär:

  • Ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandy üçin degişli jerimeleri tölemek;

  • Kararyň belgisi boýunça töleg geçirmek;

  • Import edilen ulaglar barada maglumat almak;

  • Içerki ulaglaryň hasaba alnyşyny görmek;

Bu hyzmat wagty tygşytlamaga, nobatlarda durmakdan gaça durmaga we gerekli maglumatlary sanly görnüşde amatly ýagdaýda almaga mümkinçilik berýär. Şeýle çözgütler döwlet hyzmatlaryny raýatlara has ýakyn we rahat edýär.

Ýakyn wagtda goşundynyň mümkinçilikleri giňeldiler:

  • Pasport stoly üçin elektron nobat;

  • Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň hyzmatlaryna elýeterlilik;

  • Polisiýanyň jerimelerini onlaýn tölemek (bu funksiýa işlenip taýýarlanylýar we ýakyn wagtda elýeterli bolar);

Mundan başga-da, «Ýol hereketi gullugy» bölüminde täze mümkinçilikler işe giriziler:

  • Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmak;

  • Awtomobiliň tehniki pasportyny çalyşmak;

  • Döwlet belgilerini hasaba almak we dikeltmek;

«Galkan Töleg» yzygiderli ösdürilýär we döwlet hyzmatlaryny almak üçin köpugurly sanly platforma öwrülýär. Bu hyzmat amatly, netijeli we hakykatdan-da gerekli bolup, müňlerçe ulanyjynyň gündelik işlerini ýeňilleşdirýär.