Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyndan 0:1 hasaby bilen ýeňildi.
Duşuşyk Er-Riýadda geçirildi. Oýnuň ýeke-täk goluny Saud Arabystanynyň ýygyndysynyň hüjümçisi Abdulrahman Garib 2-nji minutda geçirdi. 91-nji minutda bolsa emin VAR arkaly seredenden soň, «Arkadagyň» goragçysy Güýçmyrat Annagulyýewe gyzyl duýduryş görkezdi, netijede myhmanlar azlykda galdy.
«Al-Nassr» toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş Aşgabatda geçirilen ilkinji duşuşykdaky ýaly, esasy düzümde käbir esasy futbolçylary oýna çykarmady. Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu hatda düzüme hem girizilmedi. Ilkinji minutlardan braziliýaly Anželo we ispaniýaly Inýigo Martines meýdança çykdy. Ikinji ýarymda bolsa Joao Feliks, Marselo Brozowiç we Kingsli Koman ýaly ýyldyz legionerler oýna goşuldy.
«Arkadagyň» düzüminde hem ilkinji duşuşyk bilen deňeşdirilende üýtgeşmeler boldy. Hüjümçi Didar Durdyýew we ýarym goragçy Resul Hojaýew ätiýaçda galdyryldy, olaryň ýerine Dayaňç Meredow we Abdy Bäşimow meýdança çykdylar. Topar taktiki gurluşyny hem üýtgetdi: 4-3-3 ýerine 5-3-2 görnüşinde oýnady. Meredowyň oýny ilkinji ýarymda şowsuz boldy we ikinji ýarymyň başynda Durdyýew ýene-de meýdança çykaryldy. Bu duşuşykda «Arkadagyň» düzüminde gyşda «Kyrgyzaltyndan» geçen Meýlis Diniýew hem ilkinji gezek çykyş etdi.
11-nji fewralda Aşgabatda geçirilen ilkinji duşuşykda «Al-Nassr» 1:0 hasap bilen ýeňiş gazanypdy. Iki duşuşygyň netijesi boýunça saudlylaryň topary çärýek finala çykdy we ol ýerde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Wasl» topary bilen duşuşar.
«Arkadag» topary toparçalaýyn tapgyry ikinji orunda tamamlap, pleý-off tapgyryna çykypdy. Olar Kataryň «Al-Ähli», Özbegistanyň «Andižan» we Bahreýniň «Al-Haldiýa» klublary bilen bir toparçada çykyş etdiler.
Geçen möwsümde «Arkadag» baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda üçünji gezek yzly-yzyna Türkmenistanyň çempiony boldy we ýurduň Kubogyny gazandy. 2025-nji ýylyň maýynda topar AFC-2024/25 Çagyryş ligasynyň Kubogyna finalda Kambojanyň «Prea Han Riç Swai Rieng» toparyny 2:1 hasap bilen ýeňip eýe bolupdy. Şol ýylyň sentýabrynda Baýramowyň şägirtleri Türkmenistanyň Superkubogyny hem gazandylar we ilkinji gezek öz taryhynda AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykdylar.