Turkmenportal logo
Düýn 16:45
1654116541
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranly emin Heýdari «Al-Nassr» – «Arkadag» duşuşygyna bellenildi

Eýranyň futbol emini Paýam Heýdari AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» hem-de Türkmenistanyň «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky oýna eminlik eder.

Onuň kömekçileri Farhad Farhadpur we Ali Ahmadi bolarlar, dördünji emin bolsa Hasan Akrami bolar. Wideo kömekçi eminlik (VAR) ulgamyna koreýaly eminler Kim Higon hem-de Çhe Sangýop jogapkärçilik çekerler.

Duşuşyk 18-nji fewralda Er-Riýad şäherindäki Al-Awwal Park stadionynda geçiriler. Oýnuň başlanjak wagty — Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de. Duşuşygy Aziýa futbol konfederasiýasynyň YouTube kanalynyň üsti bilen göni ýaýlymda görüp bolar.

Ilkinji duşuşykda «Arkadag» öz meýdançasynda 0:1 hasabynda ýeňildi.