Turkmenportal logo
18.02.26
1465314653
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«The Georgian Business Week» neşiriniň nobatdaky sany Türkmenistana bagyşlanyldy

«The Georgian Business Week» neşiriniň baş redaktory W.Miroşniçenko Türkmenistana bagyşlanan žurnalyň nobatdaky sany bilen tanyşdyrdy.

Žurnalyň onbatdaky sany Türkmenistayň Gruziýadaky ilçihanasynda guralan brifingiň dowamynda tanyşdyryldy.

W.Miroşniçenko bu žurnalyň okyjylar köpçüligine Türkmenistan bilen, şeýle hem iki halkyň dostlugyny we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän we çalt depgin bilen ösüp barýan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Brifingiň dowamynda Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor B.Naçkebiýa hem çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän dünýäde parahatçylygy berkitmäge, halklaryň arasynda dostlukly we doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň berýän habarynda bellenilýär.