Turkmenportal logo
Düýn 15:30
1170711707
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gruziýada «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri» atly brifing geçirildi

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri» atly metbugat brifingi guraldy

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, brifing 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlandy.

Brifinge «1TV» birinji teleýaýlymyň, «Объектив» teleýaýlymynyň, «The Georgian Business Week» işewürlik neşiriniň, «Europe 24» media-holdinginiň, «Georgia Press» guramasynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» onlaýn neşiriniň, «Resonans», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда», «Vecherni Tbilisi», «Vrastan» gazetleriniň žurnalistleri we Gruziýanyň «Geocase» seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda 2026-njy ýylyň şygarynyň ösüşiň milli ugurlaryny, halkyň jebisligini we ahalteke bedewleriniň Türkmenistanyň ösüşe hem-de ýokary sepgitlere bolan ymtylmasynyň nyşany hökmündäki ornuny şöhlelendirýändigini belledi.

Brifingiň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bilen tanyşdyryldy.

Ilçi türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy barada hem aýdyp geçdi. Ol ýokary derejeli saparlaryň işjeň ösüşi yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklara goşmaça itergi berýändigini belledi.