Turkmenportal logo
Düýn 14:57
1077810778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mergen Orazow «Arkadag» klubynyň «Al-Nassr» bilen geçiriljek jogap duşuşygyna taýýarlygyna ýokary baha berdi

«Arkadag» futbol klubynyň  baş tälimçisi AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çägindäki Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek jogap duşuşygyna toparyň doly taýýardygyny aýtdy. Bu barada ol oýnuň öňüsyrasy geçirilen metbugat maslahatynda habar berdi.

«Biz «Al-Nassr» bilen boljak duşuşyga taýýar. Bu ýyldyz futbolçylary bolan güýçli klub, biz bolsa oňyn netije gazanmagy umyt edýäris» — diýip, Orazow belledi. Şeýle hem ol toparyň öňde duran synagyň möhümdigine doly düşünýändigini, ýöne soňky döwürde gazanylan ösüşi görkezýän derejede çykyş etmäge çalyşjakdyklaryny aýtdy.

Portugaliýaly hüjümçi Kriştiano Ronaldu oýna gatnaşyp biler diýen soraga jogap berende, «Arkadagyň» tälimçisi ony meýdançada görmäge şat boljakdygyny aýtdy. «Ol ýokary derejeli oýun görkezýän ajaýyp futbolçy, onuň gatnaşmagy «Al-Nassry» ep-esli derejede güýçlendirýär» — diýip, tälimçi nygtady.

Türkmenistanyň klubynyň goragçysy Abdy Bäşimow hem öňde duran duşuşygyň örän kyn boljakdygyny aýtdy. «Bu ýokary derejeli futbolçylary bolan güýçli we abraýly topara garşy agyr oýun bolar. Biz öz mümkinçiliklerimiziň iň gowusyny görkezmäge çalyşarys» — diýip, ol belledi.

Ilkinji duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabatda geçirilip, «Al-Nassryň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Çärýek finala çykmak üçin «Arkadaga» azyndan iki pökgi tapawudy bilen ýeňiş gazanmak ýa-da iň az hasap bilen ýeňip, oýny goşmaça wagta geçirmek zerurdyr.

Jogap duşuşygy 18-nji fewralda Er-Riýadda Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de geçiriler.

Göni ýaýlym Aziýa futbol konfederasiýasynyň YouTube kanalynda elýeterli bolar.