Turkmenportal logo
18.02.26
1149511495
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Takaiti Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň esasy dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Sanae Takaiti ýurduň Hökümet başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy. Degişli çözgüt ýapon Parlamentiniň aşaky palatasynda geçen ses berlişikde kabul edildi. Ses berlişikde ýapon Premýer-ministri öz wezipesinde galmak üçin ýeterlik bolan sesleriň 354-sini aldy.

Ýapon parlamentinde Takaitiniň kandidaturasy boýunça ses berlişigiň geçirilendigine garamazdan, hut aşaky palata Hökümetiň başlygyny saýlamakda esasy ygtyýarlylyklaryň eýesidir.

Geçen ýylyň oktýabrynda Günüň dogup gelýän ýurdunyň taryhynda ilkinji zenan-premýer bolan Takaiti ýaponlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar diýip, «rg.ru» ýazýar.