Turkmenportal logo
18.02.26
1482214822
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine gutlag ýollady
Surat: Surat: Surat: Surat: tdh.gov.tm

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny Allatagallanyň rehimdarlygyny alamatlandyrýan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian tüýs ýürekden gutlady.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, Oraza aýy dünýäniň ähli musulmanlary üçin haýyr-sogap işleri arkaly özlerini kämilleşdirmäge, şeýle hem jebisligi we raýdaşlygy pugtalandyrmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Mundan başga-da, hatda bu mübärek aýda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirilýär we gudraty güýçli Allatagalladan Türkmenistanyň Prezidentine hem-de dünýäniň ähli musulmanlaryna bereket dileg edilýär.