Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow «The Brussels Times» neşiri tarapyndan guralan 2026-njy ýylyň ilkinji «Ambassador Insider Series» sessiýasyna gatnaşdy. Belgiýa Patyşalygynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän bu çäre pikir alyşmaga mümkinçilik berýän resmi däl görnüşde geçirildi.
Häzirki geosyýasy durnuksyzlyk şertlerinde Brýusseliň maliýe geljegi we Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady ýoly ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy boldy. Şeýle hem gün tertibinden Ýewropa ýurtlarynyň döwlet bergileriniň dinamikasy we býujet durnuklylygy ýaly meseleler aýratyn orun aldy.
Çäräniň dowamynda «BNP Paribas» bankynyň baş ykdysatçysy Koen De Leus we Brýusseliň Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Týerri Geerts seljeriş hasabatlary bilen çykyş etdiler. Olar häzirki wagtda Ýewropanyň ykdysadyýetindäki makroykdysady meýillere we ýüze çykyp biljek töwekgelçiliklere öz bahalaryny berdiler.