Turkmenportal logo
Şu gün 13:16
60266026
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mukaddes Oraza aýy: çagalar şatlykly habary öýme-öý ýetirýärler

Mukaddes Remezan (Oraza) aýynyň gelmegi bilen türkmen şäherlerinde we obalarynda özboluşly däp-dessur — ýaremezan ýene-de täzeden ýaňlanýar. Çagalar topar-topar bolup ýaşaýan ýerlerindäki goňşy öýlere aýlanyp, adamlara agyz beklenýän aýyň ýetip gelendigini buşlap, gadymy bentleri aýdýarlar. Şeýle bentleriň biri şeýle ýaňlanýar:

Ýokarda bir Aý bar,

Ujy gyzyl ýaý bar,

Pygamberiň saçagynda

Bize goýlan paý bar.

Ýa Remezan! —

Ilki bolup köçelere çykyp, goňşy öýlere aýlanýan hem hut çagalardyr — bu bolsa Oraza baýramynyň diňe türkmen halkyna mahsus aýratynlygynyň biridir. Gadym döwürlerden bäri aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän bu däp halk döredijiliginiň ajaýyp nusgasy bolup durýar.

Mukaddes Oraza aýyny her bir musulman ýagşy niýetler we päk arzuwlar bilen garşy alýar. Bu günlerde ynsan ruhy, kalby we bedeni tämizlenýär. Agyz beklemek ejizlere goldaw bermek, mätäçlere kömek etmek, bagyşlamak we sabyrly bolmak ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär.

Bu sahawatly aýda musulmanlar agyz bekleýärler, sadaka berýärler, zekat we fitre sadakasyny berýärler, goňşularydyr garyndaşlary üçin saçak ýazyp, olary agzaçar naharyna çagyrýarlar. Mukaddes Oraza aýy däp boýunça tutuş türkmen jemgyýeti üçin jebisligiň, rehim-şepagatyň we ruhy täzelenişiň döwrüne öwrülýär.