Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Astanada geçirilen Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (WCO) we Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin Harytlary goýbermegiň wagty (TRS) boýunça bilelikdäki ikinji sebitleýin okuwa gatnaşdy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çäre BGG-niň we Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Döwlet girdejiler komiteti bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.
Okuwda TRS-iň ornaşdyrylmagy, iň gowy tejribeleriň alyş-çalşygy, gümrük amallaryndaky päsgelçilikleriň ýüze çykarylmagy, şeýle-de import, eksport we üstaşyr amallaryny kämilleşdirmek üçin milli hem-de sebitleýin teklipleriň işlenip düzülmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.