Düýn «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki dialogyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) tarapyndan guraldy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çärede Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Birleşen Milletler Guramasy, BSGG-niň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ermenistanyň degişli pudak edaralarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Forumyň gün tertibiniň esasy ugurlary hökmünde köpçülikleýin howpsuzlyk, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, tejribe alyşmak we lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä gatnaşyjylar Aşgabatda şeýle sebit dialogynyň geçirilmeginiň alamatlaýyn ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandygyny hem-de sebitde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek maksady bilen BSGG bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn nygtadylar.
Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejeli dialog BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Kluge tarapyndan öňe sürlen AHEAD (Action for Health through Engagement, Advocacy, and Diplomacy) atly öňdebaryjy maksatnamasynyň bir bölegi bolup durýar. Bu başlangyjyň maksady — agza döwletleriň wezipeli işgärleriniň, BSGG-niň wekilleriniň hem-de esasy hyzmatdaşlaryň saglygy goraýyş diplomatiýasy ulgamyndaky mümkinçiliklerini berkitmekdir.
Aşgabatda geçirilýän forum 18-nji fewrala çenli dowam eder. Bu çäre Türkmenistanyň kabul edýän ýurt hökmünde köptaraplaýynlylyk, ählumumy saglygy goraýyş, diplomatiýa we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
Dialog Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi we şu ýylyň Saglygy goraýyş ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly aýratyn ähmiýete eýe bolup, ýurduň saglyk we parahatçylyk gymmatlyklaryny öňe sürmekdäki öňdebaryjy ornuny tassyklaýar.