Turkmenportal logo
16.02.26
2235422354
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

15-nji fewralda Türkmenistanyň Tährandaky ilçisi Ylýas Gaýypow bilen Eýranyň daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça orunbasary Majid Tahtrawançiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary, olaryň öňde goýan wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de strategik häsiýetli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy habar berdi.

Şeýle hem iki ýurduň arasynda ýokary derejede amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan saparlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerlemeginde aýratyn meýdança bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň işine ýokary baha berdiler. Onuň nobatdaky duşuşygynyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdiler.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolan Hazar meselesi hem gün tertibine hem aýratyn üns berildi. Hazar meselesi babatynda öňümizdäki döwürde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň taýýarlyk işlerine garaldy.

Şeýle-de sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bu gatnaşyklaryň çäklerinde ykdysady sergileri, işewür maslahatlaryny we medeni çäreleri geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine uly ähmiýet berilýär. Diplomatlar onuň nobatdaky mejlisiniň Aşgabat şäherinde guralmagy hem-de ozalky mejlisde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi barada nygtaldy.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.