Turkmenportal logo
16.02.26
2973129731
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Onuň sesi – yşyk nury » atly baýramçylyk konserti geçiriler

«Melodiýa» orkestri paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk konsertine çagyrýar.

Mähir, näziklik we söýgüli sazlar bilen doldurylan bu agşam tomaşaçylara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlar. Konsert maksatnamasynda W. Meladzeniň, Grigoriý Lepsiň, Zarina Tilidzeniň, Aýna Şirowanyň, G. Odenýazowyň aýdymlary, fransuz şansony, şeýle hem «Raduga» çagalar horunyň çykyşlary bar.

Konsert 6-njy martda sagat 19:00-da «Watan» kino-konsert merkezinde geçiriler.

Biletleri satyn almak boýunça şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +99362822827; +99363049686.