2025-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy diýip, TDH habar berdi.
«Ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy» diýip Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda belleýşi ýaly, maýa goýumlar 6 göterim artdy. Hasabat döwründe iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi.
Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Möhüm ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle-de «akylly» şäher Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda bellenilişi ýaly, daýhanlar ekinlerden bol hasyl alyp, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.