Turkmenportal logo
16.02.26
1724817248
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Prezidentini Döwlet güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ýurduň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wuçiçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Serbiýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.