Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçilerine nah ýüplük, bugdaý uny, pagta süýümi, portlandsement ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 182 million 280 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah matany we nah ýüplügi, plastik tekjeleri satyn aldylar.