Zyýat Hil konditer dükanlar ulgamy täzelenen islegli önümini — «Snickers» tortuny hödürleýär. Bu süýjülik önümi eýýäm Aşgabatdaky we onuň töweregindäki süýjülikleri söýýänleriň göwnünden turmagy başardy.
Her gün täze bişirilen önümleri we awtorlyk desertleri bilen tanalýan Zyýat Hil müşderilerini täze tagamlar bilen begendirmegini dowam etdirýär. Iň köp isleg bildirilýän önümleriň biri bolan «Snickers» torty meşhur batonjygyň tagamyny uly baýramçylyk deserti görnüşinde ajaýyp beýan edýär.

Ulgamyň wekilleriniň bellemegine görä, «Snickers» torty şokolad, karamel we hozlaryň sazlaşygyny halaýan, baý we täsirli tagamlary söýýän adamlar üçin ýörite işlenip taýýarlanypdyr. Ol maşgala baýramçylyklary, doglan günler, korporatiw çäreler ýa-da dostlaryň arasynda ýakymly çaý başy üçin örän laýykdyr.
Zyýat Hil tortlary diňe täze we ýokary hilli çig mallardan taýýarlanylýar, doňdurylan ýarym taýýar önümler ulanylmaýar. Sargytlary dükanlardaky taýýar görnüşlerde hem-de aýratyn islege görä — zerur bolan agramda, dizaýnda we goşmaça bezegler (şokolad, miwe ýa-da mastika) bilen taýýarlanylýar.
Dükanlar ulgamy her gün, dynç günsüz, sagat 8:00-dan 22:45-e çenli işleýär. 150 manat we ondan ýokary sargytlar edenler üçin Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça eltip bermek hyzmaty mugt.

Habarlaşmak üçin salgular:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254; tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Meşhur tagamy täze görnüşde dadyp görmek isleýärsiňizmi? Onda iň golaýdaky Zyýat Hil konditer dükanyna baryp ýa-da telefon arkaly sargyt edip bilersiňiz!