Turkmenportal logo
Şu gün 10:54
2147821478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen mekdep okuwçysy Dubaýda geçirilen halkara karatedo ýaryşynda altyn medal gazandy

Türkmenistanly türgen Jora Öwezmyradow 2026-njy ýylyň 7–8-nji fewralynda Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «Dubai International Doka Cup 2026» atly halkara karatedo ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

55 kilograma çenli agram derejesinde kumite görnüşi boýunça çykyş eden türkmen türgeni birinji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy. Öwezmyradow Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysydyr. Onuň tälimçisi A.Çaryýewdir.

Ýaryşa dünýäniň 18 ýurdundan jemi 697 türgen gatnaşdy. Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy bir altyn medal bilen baýraklar goruny baýlaşdyrdy.