Türkmenistanda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we onuň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenpagta» döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2026-njy ýylda 2 müň 100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.
«Türkmenpagta» döwlet konsernine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmak, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmek bellenildi. Welaýatlaryň häkimliklerine pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Degişli Karara Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda gol çekildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.