Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda:
ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine we beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň;
welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine, beýleki edaralara miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag, üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek bellenildi.
Şeýle hem resminama bilen, Daşky gurşawy goramak ministrligine ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerini, beýleki edaralary ýeterlik mukdarda üzüm hem-de 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle-de olaryň ekilişine, ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Degişli Karara Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp 13-nji fewraldageçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda gol çekildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.