Ozal habar berşimiz ýaly, 13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, TDH agentliginde habar berlişi ýaly, Lebap welaýatynyň käbir etraplarynyň we şäheriniň häkimleri täzelendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda:
Guwanç Hemrakulyýewiç Bazarow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy;
Erkin Ýaňybaýewiç Açylow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;
Azat Jumamuradowiç Amandurdyýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;
Begenç Saparmamedowiç Mamedbaýew Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy;
Ylýas Baýramowiç Öwezow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;
Rüstam Allaberdiýewiç Allaberdiýew Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.