Ozal habar berşimiz ýaly, 13-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, TDH agentliginde habar berlişi ýaly, Balkan welaýatynyň käbir etraplarynyň häkimleri täzelendi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda:
Didar Annamämmedowiç Meredow başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy;
Meýlis Mergenowiç Mergenow Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Abdyrahman Seýitniýazowiç Babaniýazow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Aşyrmyrat Musakowiç Öwezow Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Akmämmet Gurbanmämmedowiç Garajaýew Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Amangeldi Isaýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Nyýazjan Baýramberdiýewiç Nyýazjanow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi.