Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama Hökümetiň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çekdi.
Maglumat hökmünde ýatlatsak, Ç.Babanyýazow bu wezipä 2023-nji ýylyň iýul aýynda bellenilipdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.