Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onuň dowamynda Resul Annaçaryýewiç Myradow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň senagat we önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Maglumat hökmünde ýatlatsak, 2025-nji ýylyň iýul aýynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýewiň üstüne ýüklenilipdi.