Turkmenportal logo
Düýn 14:20
1522115221
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DIM: Türkmenistandaky GDA sammitleri Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşar

2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşi we Hökümet Baştutanlarynyň geňeşi Arkalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynda RF-niň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen dabaraly kabul edişlikde mälim etdi.

«Şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär we şu mynasybetli gurama agza ýurtlaryň gatnaşmagynda birnäçe möhüm çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda guraljak Arkalaşygyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň we Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň bu formatdaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak işine möhüm goşant goşjakdygyna ynanýaryn» diýip, M.Bäşimowa belledi.

Ministriň orunbasary Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda pugta ynanyşmak duýgusynyň emele gelendigini nygtady. «Bu bize hyzmatdaşlygy hem döwletara derejesinde, hem-de esasy halkara guramalarynyň çäklerinde yzygiderli pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär» diýip, ol nygtady.

M.Bäşimowanyň aýtmagyna görä, iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky ýokary derejeli şahsy gatnaşyklar üstünligiň esasy sütünidir. «Ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar iň giň gerimli ugurlar boýunça bilelikdäki işlerimiziň güýçlenmegine uly itergi berýär» diýip, diplomat sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de ministriň orunbasary Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň işgärlerine işjeň we netijeli zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.