«Arkadagyň» baş tälimçisi Mergen Orazow Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary bilen geçirilen duşuşykda janköýerleriň beren goldawy üçin olara hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geljekde hem futbol duşuşyklarynyň geçiriljekdigine umyt edýändigini aýtdy.
«Stadiondaky gurşaw diýseň ajaýyp boldy. Janköýerlerimize olaryň bize beren goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin, bu goldaw biziň üçin örän uly ähmiýete eýe. Futbolyň güýji hem şunda —meýdançada çykyş edýän oýunçylary tutuş ýurduň agzybir bolup goldamagyndadyr. Oýunçylar hem janköýerleriň ynamyny ödemek isleýärler. Şeýle uly sport çäresini gurandyklary üçin ýolbaşçylarymyza hem aýratyn sagbolsun aýdýaryn. Stadion hem, onda emele gurşaw hem ajaýyp boldyr. Geljekde bu ýerde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň, belki-de, «Arkadagyň» hem duşuşyklaryny dowam etdirip bileris diýip umyt edýäris» — diýip, Orazow duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.
«Arkadag» çarşenbe güni AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Al-Nasrdan» 0:1 hasabynda ýeňildi. Duşuşyk Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda geçirildi. Oýundaky ýeke-täk goly 19-njy minutda «Al-Nasryň» hüjümçisi Abdulla al-Hamdan geçirdi.
Tälimçi toparyň ýeňiş gazanmak üçin ähli mümkinçilikleri ulanandygyny belledi. «Gynansak-da, oýunda oňyn netije gazanyp bilmedik. Oýunçylarymyza uly minnetdarlyk bildirýärin, olar özlerinden gelen ähli tagallalaryny etdiler. Şeýle hem garşydaşymyzyň derejesini aýratyn belläp geçmek isleýärin — olaryň düzüminde güýçli oýunçylar, şol sanda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň wekilleri çykyş edýär. Ýöne öňümizde jogap duşuşygy bar, şonuň üçin indiki tapgyra çykmaga mümkinçiliklerimiz saklanyp galýar» — diýip, Orazow nygtady.
Orazow duşuşygyň ilkinji 20 minutynda toparyň oýnunyň göwnejaý bolmandygyny boýun aldy. «19-njy minutdaky ýekeje säwlik bizi ýeňişden mahrum etdi. Şeýle-de bolsa, bizde heniz mümkinçilik bar we jogap duşuşygynda ondan peýdalanmaga çalyşarys. Säwlikleriň üstünde işläris we Er-Riýadda geçiriljek indiki duşuşyga has gowy taýýarlykly bararys» — diýip, «Arkadagyň» tälimçisi nygtady.
Baş tälimçi toparlaryň taýýarlyk derejesindäki tapawudy hem belläp geçdi. «Bizde möwsüm täze başlady, emma «Al-Nasrda» möwsüm gyzgalaňly dowam edýär. Fiziki taýdan entek iň ýokary derejämize ýetmedik, ýöne indiki duşuşyga çenli taýýarlanmak we gowy netije görkezmek üçin wagt bar» — diýip, Orazow aýtdy.
AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy «Arkadag» bilen «Al-Nasryň» arasynda 18-nji fewralda geçiriler. Bu iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňiş gazanan klub çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) bilen «Al-Wasl» (BAE) toparlarynyň ýeňijisi bilen duşuşar.
Aşgabadyň Olimpiýa stadiony 45 müň tomaşaça niýetlenendir we Türkmenistandaky iň uly stadion hasaplanýar. Bu arena 2017-nji ýylda paýtagtda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin ýörite guruldy. Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralaryndan soň stadionda resmi ýaryşlar geçirilmedi. «Al-Nasr» bilen bolan duşuşyk bu arenadaky ilkinji futbol oýny boldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, AFK-2 Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda «Arkadagyň» tälimçiler düzüminde käbir üýtgeşmeler boldy. Şertnamasynyň möhleti tamamlanan Röwşen Muhadow bilen topar ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryny üstünlikli geçdi. Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheriniň futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasyna gatnaşmak üçin PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy bolan 37 ýaşly Mergen Orazowy baş tälimçiniň wezipesine belledi. Bu wezipä bellenmezinden ozal ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynda, 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolsa Litwanyň «Daýnawa» toparynda işledi.