Turkmenportal logo
Düýn 11:01
1043510435
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
NesilCoffee: ýerli kofe öndürijisi Türkmenistanyň bazarynda öňdebaryjy bolmagy maksat edinýär

Türkmenistanda kofe bazarynda köp ýyllardan bäri giňden tanalýan halkara brendler öňdeligi eýeläp gelýär. 3-si-1-de görnüşli ergin kofe segmentinde Nescafé we Jacobs iň meşhurlary hasaplanýar — munuň sebäbi olaryň giňden tanalýandygy, bazarda uzak ýyllap ornaşandygy we amatly görnüşlerde hödürlenýändigidir. Ýöriteleşen ugurda (HoReCa — myhmanhanalar, restoranlar, kafeler) bolsa italýan hem-de umumy Ýewropa hil derejesi, espresso we kapuçino taýýarlamak däpleri bilen baglanyşdyrylýan Lavazza we Melitta görnüşleri standart hökmünde kabul edilýär.

Şeýle şertlerde ýerli öndüriji — NesilCoffee (Nesil Kofe) ösüş ýoluna düşdi. Kompaniýa diňe import edilýän brendleriň arasynda belli bir paýy eýelemegi däl-de, eýsem geljekde içerki bazarda öňdebaryjy milli kofe brendleriniň birine öwrülmegi maksat edinýär. Bu maksat gündelik 3-si-1-de önümlerden başlap, ýöriteleşen ugurda ulanmak üçin niýetlenen däneli we üwelen kofe garyndylaryna çenli giň ugurlary öz içine alýar.

Kärhana Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda (Änew şäheriniň golaýynda) ýerleşýän döwrebap önümçilik toplumyna eýedir. Zawod ISO we Halal halkara standartlary boýunça sertifikatlaşdyrylandyr. NesilCoffee dürli ýurtlarda öndürilýän arabika we robusta kofe dänelerinden peýdalanyp, garyndylary özbaşdak taýýarlaýar. Haryt görnüşleriniň hatarynda birnäçe däneli kofe görnüşleri (şol sanda Espresso, Intenso, Classic, La Crema, Special), premium derejeli ergin kofe içgileri hem-de sublimirlenen (freeze-dried) kofe bar.

Kompaniýa özüni çig malyň hilini, gowurma we gaplama boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny ýerli sarp edijileriň tagam islegleri bilen utgaşdyrýan öndüriji hökmünde görkezýär. Içerki bazar bilen bir hatarda, NesilCoffee eksport üpjünçiliklerini ýola goýmak ugrunda işleýär we halkara sergilere gatnaşýar.

Ýerli brendiň dünýä liderleri bilen bäsleşip, olaryň bazardaky orunlaryny ep-esli derejede süýşürip biljekdigi baradaky sowal häzirlikçe açyklygyna galýar. Üstünligi diňe önümiň hiline, elýeterli nyrhlaryna we marketing tagallalaryna däl-de, eýsem sarp edijileriň öz alyp barşyna hem baglydyr. Täzeliklere bolan gyzyklanma, ygrarlylyk we ýerli brendi saýlamaga taýýarlyk üstünligiň ýolunda esasy şert bolup biler. Öndüriji bilen sarp edijileriň bilelikdäki tagallalary ýerli brende ynamly ýagdaýda özüni görkezmäge hem-de bazarda öňdebaryjy orunlary eýelemäge mümkinçilik döredip biler.

NesilCoffee kärhanasynyň habarlaşmak maglumatlary:

Salgysy: Türkmenistan, Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Magtymguly obasy, Magtymguly köçesinden 3 km aralykda
Edarasy: +993 137 3 29 69 / +993 137 3 29 71
E-poçta: info@nesilcoffee.com
Web sahypasy: www.nesilcoffee.com