Turkmenportal logo
Düýn 10:29
98749874
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Güven Bayrak» kompaniýasy «Arkadag» — «Al-Nassr» duşuşygy üçin ýörite şarflary hödürledi

Aşgabatda geçirilýän Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň gatnaşyjysy bolan «Güven Bayrak» kompaniýasy «Arkadag» we «Al-Nassr» toparlarynyň arasyndaky futbol oýnunyň janköýerleri üçin ýörite goýberilen eksklýuziw şarflaryny tanyşdyrdy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, ýokary hilde taýýarlanan bu şarflar özüniň ýalpyldawuklygy, ýumşaklygy we klublaryň nyşanlarynyň takyk çekilmegi bilen tapawutlanýar. Futbol atributikasynyň tutuş tapgyry 11-nji fewralda Aşgabatda geçirilen oýnuň öňüsyrasynda gysga wagtyň içinde satylyp gutaryldy.

1995-nji ýylda düýbi tutulan «Güven Bayrak» giň formatly we dokma çap işleri boýunça tanalýan kompaniýalaryň biridir. Kompaniýanyň dokma bölümi futbolkalary, başgaplary öndürmek we matalaryň ýüzüne senagat derejesinde surat çap etmek ýaly brendleşdirme hyzmatlaryny hödürleýär.

Häzirki serginiň dowamynda kompaniýanyň önümlerine bolan uly isleg türkmen hyzmatdaşlary bilen geljekki gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.