Turkmenportal logo
Düýn 14:04
98159815
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygyny şöhlelendirmekde «Sputnik» agentliginiň orny maslahatlaşyldy

«Rossiýa segodnýa» («Россия сегодня») halkara habarlar agentliginde agentligiň baş redaktorynyň orunbasary, ýakyn daşary ýurtlar we Baltika ýurtlary boýunça «Sputnik» multimediýa merkezleriniň müdiriýetiniň direktory Andreý Blagodyrenkonyň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi Gülälek Çopanowanyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Swetlana Malininanyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň esasy temasy «Sputnik» maglumat agentliginiň 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklyk döwrüni köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmegi bilen bagly boldy. Şonuň bilen birlikde, taraplar GDA agza ýurtlaryň habarlar gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we halkara habarlar giňişliginde Arkalaşygyň abraýyny has-da belende götermek meselelerine garadylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, GDA-nyň edaralaryndaky başlyklyk Täjigistandan Türkmenistana geçdi. Türkmenistan bu döwürde Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine, Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşine, Daşary işler ministrleriniň Geňeşine, Ykdysady geňeşe, Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik wekilleriň Geňeşine hem-de Ykdysady meseleler boýunça komissiýa ýolbaşçylyk eder.