Turkmenportal logo
Düýn 16:27
1524915249
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul bilen Londonyň (Stansted) arasynda täze uçar gatnawlaryny ýola goýýar

Turkish Airlines awiakompaniýasy ugur toruny giňeldip, Beýik Britaniýa uçar gatnawlaryny artdyrýar. 18-nji martdan başlap, ýolagçy daşaýjy Stambul — London (Stansted howa menzili) — Stambul ugry boýunça täze uçar gatnawlaryny ýola goýup başlaýar. Ilkinji tapgyrda uçuşlar hepdede 10 gezek amala aşyrylar, bu bolsa ýolagçylar üçin bu ugra elýeterliligi ep-esli ýokarlandyrar.

29-njy martdan başlap uçuşlaryň ýygylygy hepdede 14-e ýetiriler, ýagny şäherleriň arasynda günde iki gezeklik gatnaw üpjün ediler. Bu çözgüt Türkiýe bilen Beýik Britaniýanyň arasynda howa gatnawlaryna bolan islegiň artmagy, şeýle hem syýahatçylaryň öz saparlaryny meýilleşdirmekde has köp çeýeligi hödürlemek maksady bilen kabul edildi.

Stansted howa menziline täze ugruň açylmagy Turkish Airlines awiakompaniýasynyň Londondaky häzirki ugurlarynyň üstüni ýetirýär we ýolagçylara barmaly howa menzilleriniň has giň saýlawyny hödürleýär. Täze ugur iş saparlary üçin, şeýle hem Ýewropanyň iň iri maliýe we medeni merkezleriniň birine syýahat edýän syýahatçylar üçin hem amatly bolar.

Star Alliance awiasiýa bileleşigine agza bolan Turkish Airlines awiakompaniýasy 1933-nji ýylda bary-ýogy 5 uçardan ybarat kiçi flot bilen döredildi. Häzirki wagtda kompaniýanyň flotunda ýolagçy we ýük uçarlaryny öz içine alýan 519 howa gämisi bolup, ol dünýäniň 132 ýurdunda ýerleşýän 356 ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar. Olaryň 303-si halkara, 53-si bolsa içerki ugurlardyr.