Turkmenportal logo
Düýn 13:52
1090810908
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hatyra gününde baýdaklaryny aşak düşürdi

10-njy fewralda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hatyra güni mynasybetli Italiýa Respublikasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň döwlet baýdaklaryny aşak düşürdi.

Bu gün Ikinji jahan urşy döwründe we onuň tamamlanmagyndan soň Italiýanyň gündogar serhetlerinde bolup geçen pajygaly wakalaryň pidalarynyň hatyrasyna bagyşlanýar. Karst oýluk-çukurlarynda (foýbelerinde) geçirilen jezalandyryşlaryň pidalary, şeýle hem Istriýa we Dalmatiýa sebitlerinden ilatyň köpçülikleýin göçmegi bilen bagly wakalar ýatlanýar.

Ilçihananyň resmi beýannamasynda Italiýanyň wepat bolan raýatlarynyň ýadygärligini saklamagyň möhümdigi aýratyn nygtalýar.