Turkmenportal logo
Düýn 22:01
52315231
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident: Welaýatlardaky medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar öz wagtynda gurulmalydyr
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek maksady bilen gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, azyklyk ekinleriň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde olaryň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny taýýarlamak boýunça möhüm çäreler görülýär. Mary welaýatynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriň barşy barada hasabatlar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini geçirmegiň, Lebap welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, şeýle hem ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi. Ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany hyzmat ediji edara-kärhanalaryň welaýatlaryň pagta we bugdaý öndürijileri bilen, Mary welaýatynda bolsa  gant şugundyry öndürijiler bilen ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklarynyň geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmek babatda degişli tabyryklary berdi.