Turkmenportal logo
Düýn 15:43
1407414074
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek sergä gatnaşmak üçin sapar bilen geler

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat 11-nji fewralda resmi sapar bilen Türkmenistana geler diýip, ministrlik habar berýär. Saparyň esasy çäresi 10 —12-nji fewral aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkiýäniň eksport harytlarynyň 12-nji sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak bolar.

Türkiýäniň wekiliýetiniň düzüminde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 90-a golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşar. Sergide senagat, oba hojalygy, dokma, gurluşyk we beýleki pudaklaryň önümleri görkeziler.

Saparyň maksatnamasyna ýokary derejeli duşuşyklar we ikitaraplaýyn işewürlik gepleşikleri girýär. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanşygy 2024-nji ýylda 2,2 milliard dollara deň boldy. Taraplar geljekde bu görkezijini 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edindiler. Sapar 12-nji fewrala çenli dowam eder.