Turkmenportal logo
Düýn 10:39
1236612366
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Şeýle hem Türkiýäniň, Ukrainanyň telekeçilerine pagta ýagynyň çökündisi, pagtanyň çig ýagly turşulygy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. 

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 669 million 542 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni, nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), portlandsementi, nah ýüplügi, çig ýüpegi, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar.