Turkmenportal logo
Düýn 09:43
43304330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanda attraksion-sallançak ýykyldy

Hindistanyň Fariaabat şäherinde ýarmarka wagty attraksion-sallançak ýykylyp, bir adam gurban boldy diýip, «India Today» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Neşiriň habaryna görä, sallançak hereket edýärkä, ýykylypdyr. Üsti adamly sallançak ýykylyp barýarka, polisiýa inspektory adamlara kömek etmekçi bolupdyr, emma demir gurluş yranyp, onuň kellesine urlupdyr. Polisiýa işgäri agyr şikesden gurban bolupdyr. Betbagtçylyk wagty 13 adam şikes alypdyr, hemmesi diri galypdyr.

Sallançagyň ýykylyşyny şaýatlar wideo düşüripdirler. Onda heläkçilik wagty adamlaryň ýere gaçan sallançakdaky orunlaryndan emedekläp, ýere düşýändikleri görünýär.

Waka bilen baglylykda, jenaýat işi gozgaldy.