Turkmenportal logo
Düýn 08:08
81298129
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary Groznyý şäherinde geçirilen halkara ýaryşda bäş medal gazandylar

Ýaşy 20-den uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça Groznyý şäherinde geçirilen RWL-VI Riada Wrestling Liga atly halkara ýaryşynda türkmen pälwanlary dürli derejedäki bäş medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Toparyň düzüminde iň ýokary netijäni Süleýman Musagulýew gazandy. Ol 125 kilograma çenli aşa agyr agram derejesinde çykyş edip, garşydaşlaryny ýeňip, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy we altyn medala mynasyp boldy.

65 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Azatberdi Asyrgulýew kümüş medala mynasyp boldy. Bürünç medallary bolsa Azymberdi Asyrgulýew (57 kg çenli), Dagan Guwançmyradow (61 kg çenli) we Batyr Begenjow (74 kg çenli) gazandylar.