AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Arkadag» bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşykda dünýä futbolynyň iň döwrebap tehnologiýalarynyň biri bolan eminlere wideo kömek ulgamy (VAR) ulanylar.
VAR ulgamy ozal Türkmenistanda geçirilen halkara futbol duşuşyklarynda üstünlikli ulanylypdy. Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy oýnuň halkara talaplaryna laýyklykda ýokary derejede geçiriljekdigini tassyklaýar.
Sanly tehnologiýalaryň futbola ornaşdyrylmagynyň netijesinde döredilen VAR ulgamy oýnuň takyk we adalatly geçirilmegine ýardam berýär hem-de eminleriň kabul edýän çözgütleriniň dogrulygyny üpjün edýär. Ulgamyň ulanylmagy duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçjekdigini görkezýär.
«Arkadagyň» «Al-Nasr» bilen 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygy 11-nji fewralda Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda geçiriler. Duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 18:45-de başlanar. Jogap oýny 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.