Turkmenportal logo
Düýn 08:21
74947494
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna resmi taýdan badalga berildi

Italiýada 2026-njy ýylyň XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi.

Açylyş dabarasy Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek bir wagtyň özünde dört şäherde — Milanda, Kortina-d’Ampessoda, Predassoda we Liwinýoda geçirildi. Çäräniň esasy bölegi Milandaky «San-Siro» stadionynda boldy.

Bu görnüş türgenlere özleriniň ýaryşlara gatnaşjak şäherlerinde geçirilýän dabaralara gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Dabaranyň birnäçe ýerde geçirilmegi Olimpiýa oýunlarynyň klasterleriniň arasyndaky uly aralyklaryň bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Dabaranyň dowamynda türgenleriň däp bolan ýörişi geçirildi. Olimpiýa alawy iki esasy guramaçy şäherde ýakyldy. Milanda alawy dag lyžasy boýunça üç gezek Olimpiýa çempiony Alberto Tomba we Debora Kompanýoni ýakdy, Kortina-d’Ampessoda bolsa 2018-nji ýylyň Olimpiýa çempiony, dag lyžasy boýunça türgen Sofiýa Godža olimpiýa alawyny ýakdy.

Açylyş dabarasynyň guramaçysy Balich Wonder Studio kompaniýasy boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Marko Baliç şu wagta çenli 14 Olimpiýa dabarasynyň prodýuseri bolup çykyş etdi.

Olimpiýa oýunlary 22-nji fewrala çenli dowam eder.