Turkmenportal logo
Düýn 13:05
82268226
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda logistika pudagy boýunça ilkinji iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

Türkmen Logistika Assosiasiýasy «Gama» kompaniýasynyň goldaw bermegi bilen logistika pudagynyň hünärmenleri üçin ýöriteleşdirilen boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny guraýar. Çäre 12-nji fewralda «Iş Nokady» işewürlik merkezinde («Arkaç» Işewürlik merkezi) geçiriler hem-de iş berijiler bilen iş gözleýänleriň arasynda gönümel söhbetdeşligi ýola goýmaga gönükdirilýär.

Ýarmarka logistika kompaniýalaryna häzirki wagtda bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemäge, mümkin bolan işgärler bilen tiz söhbetdeşlikleri geçirmäge we işgärler ätiýaçlygyny döretmäge mümkinçilik berer. Gatnaşyjylar üçin bu — bazaryň öňdebaryjy wekilleri bilen tanyşmak, zähmet ýoluny dowam etdirmek mümkinçilikleri barada maglumatlary almak hem-de çäräniň dowamynda ilkinji saýlaw tapgyryndan geçmek üçin amatly pursatdyr.

Guramaçylar ýarmarka gatnaşmagyň iş gözleýänlere hem-de kompaniýalara diňe bir häzirki boş orunlary doldurmak bilen çäklenmän, eýsem hünär-zähmet gurşawynda iş berijiniň abraýyny berkitmäge, şeýle hem geljekki işgärleri saýlamak üçin hünärmenleriň terjimehallarynyň binýadyny giňeltmäge ýardam berjekdigini belleýärler.

Şeýle-de kompaniýa Türkmenistanyň logistika pudagynda iş alyp barmaga gyzyklanýan wekilleri hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak, zähmet bazarynyň teklipleri bilen tanyşmak we zähmet ýoluny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri tapmak maksady bilen çärä gatnaşmaga çagyrýar.

Ýarmarka gatnaşýan kompaniýalar üçin orunlaryň sany çäklidir, soňky sanaw baş hemaýatkär bolan «Gama» kompaniýasy tarapyndan tassyklanylýar. Hasaba alyş ýörite onlaýn sowalnama arkaly elýeterlidir.