Turkmenportal logo
05.02.26
1611216112
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we «SpaceX» hemra aragatnaşygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet «SpaceX» kompaniýasynyň global ygtyýarnama we bazar ösüşi boýunça direktory Rebekka Hanter bilen sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýa we hemra aragatnaşygy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, Mämmetguly Astanagulow bilen Rebekka Hanteriň duşuşygy Bişkekde geçirilen ikinji «B5+1» işewürlik forumynyň çäklerinde boldy.

Gepleşikleriň dowamynda sanly tehnologiýalar, telekommunikasiýalar we döwrebap hemra aragatnaşyk çözgütlerini ornaşdyrmak babatda özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar uzakmöhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

«B5+1» forumy söwda-ykdysady, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini bir ýere jemledi.

Türkmen tarapy öz çykyşynda bu formatdaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, sebitiň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri bolan depginli ösýän bazar hökmünde uly mümkinçiliklerini belledi. Hususan-da, ýurtda amala aşyrylýan düzümleýin ykdysady özgertmelere, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegine, sanly ykdysadyýetiň, energetikanyň we ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri ABŞ-nyň işewürlik toparlary bilen tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşlige hem gatnaşdylar. Onda makroykdysady ösüş, ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, hususy pudagy goldamak, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek we ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak ugrundaky öňegidişlikleri baradaky meseleler maslahatlaşyldy.