Turkmenportal logo
Düýn 15:39
1140411404
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ronaldu bilen Neýmar 5-nji fewralda doglan günlerini belleýärler

5-nji fewralda futbol dünýäsi bir wagtyň özünde iki sany super ýyldyzy gutlaýar. Portugaliýaly Kriştianu Ronaldu 41 ýaşyny doldurýar, onuň braziliýaly kärdeşi Neýmar bolsa 34 ýaşaýar.

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynda çykyş edýän Ronaldu ýokary derejeli oýnuny görkezmegini dowam etdirýär. Häzirki möwsümde hüjümçi çempionatda 22 oýunda 18 gol geçirdi. Doglan gününde portugaliýaly futbolçy türgenleşikden suraty paýlaşyp, 7-nji fewralda «Al-Ittihad» toparyna garşy geçiriljek oýna doly taýýardygyny tassyklady.

Neýmar häzirki wagtda «Santos» toparynyň abraýyny goraýar hem-de tomusda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görýär. Braziliýaly futbolçy taryhda iň gymmat futbolçy bolmagynda galýar — 2017-nji ýylda «Pari Sen-Žermen» kluby ony «Barselona» toparyndan rekord derejede – 222 million ýewro tölemek bilen transfer edipdi.

Iki futbolçy hem ýaşyna we toparlarynyň üýtgemegine garamazdan, häzirki zaman futbolynyň iň ýagty parlak ýyldyzlary bolmagynda galýarlar.