Turkmenportal logo
05.02.26
1496314963
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda gümrük amallary boýunça sorag-jogap hyzmaty ýola goýuldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy telefon arkaly işleýän onlaýn sorag-jogap hyzmatyny işe girizdi. Bu barada Gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hyzmatyň işe girizilmegi daşary ykdysady işiň, şol sanda daşary söwdanyň gatnaşyjylaryna, şeýle hem gümrük serhedinden geçýän ýa-da geçmegi meýilleşdirýän raýatlara gümrük işi boýunça soraglaryna onlaýn tertipde tiz wagtda maslahatlary we jogaplary almaga mümkinçilik berýär.

Bu hyzmat arkaly harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen bagly gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegine degişli düşündirişler berler. Olaryň hatarynda gümrük taýdan resmileşdirmek, gümrük töleglerini tölemek, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler baradaky maglumatlar bar.

Şeýle-de «Soraglar we jogaplar» hyzmatynyň üsti bilen Türkmenistanyň çägine getirilýän ulag serişdelerine bildirilýän talaplar, olaryň gümrük gözegçiligi we resmileşdiriliş tertibi, zerur resminamalaryň sanawy, şeýle hem tölenmeli gümrük tölegleriniň görnüşleri we möçberleri barada maglumatlary alyp bolýar.

Hyzmat mugt esasda hödürlenýär.

Maslahat almak üçin telefon belgisi: (+993 12) 39-41-39.

Bu hyzmat Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gümrük işini kämilleşdirmek hem-de daşary ykdysady işiň ösdürilmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýola goýuldy.