Turkmenportal logo
04.02.26
1180011800
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
CAFA Türkmenistanda VAR boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw geçirýär

Merkezi Aziýanyň Futbol birleşigi (CAFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde eminleriň wideokömekçilerini (VAR) taýýarlamak boýunça okuw kurslaryna badalga berdi. Bu barada sebit guramasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu okuwlar futbolda wideo-tehnologiýalaryny ulanmak boýunça milli eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Okuw seminaryna gatnaşyjylar VAR tehnologiýasy boýunça çuňlaşdyrylan taýýarlykdan geçýärler. Okuw maksatnamasy protokolyň esaslaryny öwrenmegi, karar kabul ediş işlerini, wideo ýazgylaryň seljerilmegini hem-de toparlaýyn çekişmeleri öz içine alýar. Şeýle hem okuwyň maksatnamasynda eminleriň goşulyşmagynyň çäkleri we wideo ýazgyny gaýtadan görkezilmegini ulanmagyň taktiki taraplary öz beýanyny tapýar.

Okuw seminarynyň baş hünärmen-mugallymy hökmünde FIFA-nyň öňki kömekçi emini, häzirki wagtda bolsa giň halkara tejribä eýe bolan eminler inspektory Jahongir Saidow çykyş edýär.

CAFA-nyň bellemegine görä, bu başlangyç guramanyň bilim bermek we innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly sebitde eminlik standartlaryny ösdürmäge, şeýle hem milli futbol birleşikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan ygrarlylygyny görkezýär.