Turkmenportal logo
Düýn 13:57
97449744
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan BMG-de 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýär

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä hökümet sammiti — 2026-daky çykyşynda belledi.

«Bu başlangyjyň maksady öňden bar bolan hukuk binýadyna hormaty berkitmekden we dikeltmekden, onuň hemmetaraplaýyn we bölünmez häsiýetini üpjün etmekden ybaratdyr» diýip, R.Meredow belledi. 

Ministr öz çykyşynda: «Biz 2028-nji ýyly we oňa taýýarlyk döwrüni ählumumy özgertmeleriň, güýçleriň deňagramlylygynyň üýtgemeginiň we täze gapma-garşylyklaryň görnüşleriniň ýüze çykmagynyň şertlerinde halkara hukugynyň orny baradaky giň gerimli dialog üçin, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýanyň we jedelleriň parahatçylykly çözülmeginiň hukuk binýadyny berkitmek üçin mümkinçilik hökmünde görýäris» diýip belledi.

R.Meredowyň bellemegine görä, Bileleşik hyzmatdaşlyklary üçin bu has gowy öňünden çaklamagy, özara ynamy we borçnamalaryň anyklygyny aňladýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.