2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Halkara hususy telekeçilik merkezi (CIPE) tarapyndan Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabineti bilen bilelikde, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň goldaw bermeginde guralan B5+1 (Biznes 5+1) görnüşindäki ikinji forum geçirilýär.
Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine ykdysadyýet we maliýe ministri Mämmetguly Astanagulow ýolbaşçylyk edýär. Ol çäräniň açylyş dabarasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki wekiliýetleriniň başlyklary bilen bilelikde gutlag sözi bilen çykyş etdi. Amerikanyň tarapyndan bolsa ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça ýörite wekili, ilçi Serhio Gor çykyş etdi.
Forum 2024-nji ýylda Almaty şäherinde geçirilen birinji B5+1 forumynda başlanan dialogy dowam etdirýär hem-de Merkezi Aziýada sebitara ykdysady integrasiýany ösdürmäge, şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Iki günlük maksatnamanyň çäklerinde oba hojalygy, syýahatçylyk, maliýe-bank ulgamy, elektron söwda, maglumat tehnologiýalary, ulag we logistika ugurlary boýunça pudaklaýyn mejlisler, şeýle-de wajyp ähmiýetli minerallar boýunça panel ara alyp maslahatlaşmalary geçirilýär.
Forumyň ikinji güni — 5-nji fewralda Merkezi Aziýa üçin halkara işewürlik we maýa goýum gün tertibine bagyşlanan panel mejlisiniň çäklerinde türkmen hususy pudagynyň wekili, «Ish Nokady» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jemile Kerimowa çykyş eder. Ol sebit ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini beýan eder.
Forum Gyrgyz Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümet wekilleriniň jemleýji çykyşlary hem-de ahyrky beýanat bilen tamamlanar.