Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki «Garabogazkarbamid» zawodynda işler ýokary sazlaşykda alnyp barylýar.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, «Garabogazkarbamid» zawodynyň zähmet toparlary 2026-njy ýylyň ilkinji aýynda guwandyryjy netijelere eýe boldular. Has dogrusy, olar şu ýylyň ilkinji aýynda karbamid dökünleriniň 95 müň tonnasyny öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi meýilnamada görkezilenden 25 müň tonna köp bolup, ol ösüşiň 136 göterimine barabardyr. Şeýle hem zawod boýunça şu ýylyň başyndan bäri 40 müň tonna derek 54 müň tonnadan gowrak ammiak öndürildi. Netijede, öndürilen önüm tabşyrykdan 14 müň tonnadan gowrak köp bolup, bu babatda 135 göterim ösüş gazanyldy.
Ähli kategoriýalar
«Garabogazkarbamid» zawodynda bir aýda 95 müň tonna karbamid öndürildi