Turkmenportal logo
04.02.26
1269512695
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen BAE gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň konstruktiw häsiýete eýedigini bellediler.

Şeýle-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň mümkin bolan täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda ileri tutulýan ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen, iki ýurduň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary we maslahatlary geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.